SPORT

Hawers “Çelşä” barýar

Angliýanyň “Çelsi” topary Germaniýanyñ “Baýer” toparynyñ futbolçysy Kaem Hawers bilen ylalaşyga geldi. “Transfermarket”-yñ maglumatlaryna görä, 21 ýaşly milleti german bolan futbolçy bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşamk babatda ylalaşyga gelnendigi habar berilýär. London şäheriniñ topary bu oýunça 70 million ýewro tölemäge taýyn, emma “Baýer” topary bu transfer üçin 90 million ýewro isleýär.

Ýarymgoragçy Hawers eger-de “Çelsi” topary indiki möwsüm Çempionlar ligasynda çykyş hukuk gazansa, onda bu topara transfer bolmagy isleýändigi mälim edildi.

Hawers “Bundesliga” çempionatynda şu möwsümde 39 oýunda oýnap, 8 gezek ýardam pasyny we 15 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar