SPORT

Türkmenistan Bangladeşden üstün çykdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Bangladeşiň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

“E” toparçanyň çäginde geçirilen duşuşykda milli ýygyndymyzyň düzüminde Altymyrat Annadurdyýew (7-nji minut) bilen Arslanmyrat Amanow (77-nji minut) tapawutlandylar. Bangladeşiň ýygyndysyndan Mohamed Ibragim (12-nji minut) tapawutlandy.

Geçirilen duşuşyklardan soň 3 utuk toplan Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysy üçünji tapgyryň duşuşygynda Bahreýniň milli ýygyndysy bilen duşuşar (14-nji iýun).

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş edýär. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlarydygyny ýatladýarys. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýär.

 

Türkmen senagatçylary we telekeçileri hindi işewürleri bilen wideo-duşuşyk geçirmäge çagyrylýar

 

Related posts

Germaniýanyň futbol toparlaryndan ýokary girdeji

Ata Watan Eserleri

Ronaldo Saud Arabystanydan teklip bar

Retkliff “Mançester Ýunaýted”-iň paýnamalaryny satyn aldy