SPORT

“The Best” baýragyna mynasyp bolan futbolçylar

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan ýylyň iň ökde futbolçylaryna gowşurylýan “The Best Football Awards 2022” dabarasy geçirildi.

Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen dabarada Lionel Messi we Aleksia Putellas baş baýraklara mynasyp boldy. Şeýle hem bu dabarada tälimçilere, derwezeçilere we beýleki erkek hem-de zenan futbolçylar baýraklaryny aldy.

“The Best FIFA Football Awards 2022” baýragynyň ýeňijileri:

  • Iň gowy zenan futbolçy: Aleksia Putellas (Ispaniýa/”Barselona” topary)

  • Iň gowy erkek futbolçy: Lionel Messi (Argentina/”PSŽ” topary)

  • Iň gowy zenan derwezeçi: Mary Earps (Angliýa/”Mançester Ýunited” topary)

  • Iň gowy erkek derwezeçi: Emiliano Martínez (Argentina/”Aston Willa” topary)

  • Iň gowy zenan tälimçi: Sarina Wiegman (Angliýanyň zenanlar boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi)

  • Iň gowy erkek tälimçis: Lionel Skaloni (Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi)

  • FIFA-nyň Puşkaş baýragy: Martin Oleksi (Polşa/”Warta Poznan” topary)

  • FIFA-nyň janköýer baýragy: Argentinaly janköýer

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler