BIZNES

Türkmen senagatçylary we telekeçileri hindi işewürleri bilen wideo-duşuşyk geçirmäge çagyrylýar

15-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen tapgyrlaýyn wideo-duşuşyk geçiriler. Türkmen senagatçylary we telekeçileri hem bu gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

Onlaýn-duşuşykda hindi tarapyndan Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hindistanyň Söwda assosiasiýasynyň we eksporty ilerletmek Merkeziniň, şeýle-de oba hojalyk, dokma we IT önümçilik kärhanalarynyň wekilleri gatnaşar.

Hindi işewürleri bilen geçiriljek duşuşyklara gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen kärhanalary arzalaryny 2022-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli 39-88-38 ýa-da 65-93-29 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ibermelidir.

 

 

Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi

Related posts

Birža täzelikleri: ECO-93 awtobenzini satyn alyndy

Hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwda

Türkmenistanda elektron enjamlaryň önümçiligi ösdürilýär