DÜNÝÄ

Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr ulag gatnawlaryny giňeltmegi maksat edinýär

Eýran bilen Türkmenistan ulag we üstaşyr gatnawlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegi, sebitara ulag arabaglanyşygyny ösdürmegi we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi habar berdi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani “IRNA” habarlar agentligine beren beýanatynda iki ýurduň demir ýol we awtomobil ýollary arkaly üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak, Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran ugruny işjeňleşdirmek hem-de Aşgabat ylalaşygynyň çäklerindäki ulag geçelgesini ösdürmek ugrunda iş alyp barýandygyny aýtdy.

Diplomat şeýle hem Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen Eýran, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan üçtaraplaýyn teswirnama gol çekilendigini belledi.

Ruzbahaniniň bellemegine görä, ykdysady gatnaşyklaryň has-da ýakynlaşmagy Eýran bilen Türkmenistana sebitdäki söwda we üstaşyr ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredip biler.

Ilçi energetika ulgamynda, şol sanda tebigy gaz we elektrik energiýasynyň swap görnüşindäki alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem ünsi çekdi.

Şeýle hem ol Owganystan bilen bagly meselelerde, serhet howpsuzlygy we migrasiýa ugurlarynda özara utgaşykly hereketleri güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady.

Related posts

«Garri Potteriň» audio kitaby döredildi

Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi  geçirildi

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri