JEMGYÝET

Milli Liderimiz güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyklar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz Arkadag şäherinde güýzki möwsümde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýeriniň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de her ýylda müňlerçe düýp bag nahalynyň ekilýändigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn günlerde ýurdumyzda Hasyl toýunyň belleniljekdigini hem-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, şeýle asylly işe öz goşandyňy goşmagyň ata Watanymyza bolan beýik söýgüden nyşandygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň we çagalar bagynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Mekdebiň çäginde saýaly baglaryň köpçülikleýin ekilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu işlere ýaşlaryň hem işjeň çekilmegine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Munuň özi ýaş nesilleriň zähmete, sahawatly topraga söýgüsiniň artmagyny şertlendirer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdebiň we çagalar bagynyň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilýändigini aýtdy. Şunda toplumyň hünärmenleri, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bölünip berlen ýeri ylmy esasda öwrenmek, özleşdirmek we bu ýerde saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işleri geçirmelidirler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bu ýere gelip, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek we bu künjek üçin ýaramly bag nahallaryny seçip almak babatda maslahatlaryny berendigi hem-de oba hojalyk toplumyna ýer bölekleriniň bölünip berlendigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem wise-premýer kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Related posts

29 sagatda 10 gatly bina guruldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginde bir gezeklik plastik gaplar doly gadagan edildi