SPORT

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

Londonyň “Kristal Palas” topary Angliýanyň kubogynyň final duşuşygynda “Mançester Siti” toparyny 1:0 hasabynda utup, taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy.

Londonyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşygyň 16-njy minutynda Ebereçi Eze tapawutlandy. 36-njy minutda “Mançester Siti” toparyndan Omar Marmuş 11 metrlik jerime urgudan peýdalanyp bilmedi.

Londonyň “Kristal Palas” topary 3-nji gezek Angliýanyň kubogynyň finalyna çykdy we ilkinji gezek kubogy gazandy. 1900-njy we 2016-njy ýyllarda hem finala çykan bu topar her iki final duşuşygynda “Mançester Ýunaýted” toparyna ýeňlipdi.

Şeýle hem Londonyň “Kristal Palas” topary taryhynda ilkinji gezek kubok gazandy. Mundan ozal, bu topar Angliýanyň çempionatynyň pes ligalarynda ýeňiş gazanypdy.

Londonyň “Kristal Palas” topary bu gazanan üstünligi bilen Angliýanyň çempionatynda 12-nji orundadygyna garamazdan, geljek möwsümde Ýewropanyň ligasynda çykyş eder.

Mundan ozal, “Kristal Palas” topary 1998-nji ýylda Ýewropa kuboklarynda oýnapdy, onda-da “intertoto” kubogynda 3-nji tapgyrda Türkiýäniň “Samsunspor” toparyna ýeňlipdi.

Related posts

Dünýä çempionaty üçin 3 milliona golaý bilet satyldy

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmenistanly futzal emini Aziýanyň Kubogynyň çärýek finalynda eminlik etdi

Ata Watan Eserleri