Gruziýanyň medeniýet ministri Tinatin Rukhadze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda medeni diplomatiýany ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Gruziýanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Ministrligiň maglumatyna görä, taraplar döredijilik we medeni miras ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşygyň esasy mowzugy iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň hem-de esasy medeni edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara (MoU) gol çekilmegine bagyşlandy.
Bu resminamalar muzeýler, edebiýat, aýdym-saz, teatr, kino we medeni mirasy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem hünärmenleriň tejribe alyşmagyna ýardam berer. Şeýlelikde, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar has-da pugtalandyrylar.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem geçirilýär.
Gruziýanyň Medeniýet ministri Tinatin Rukhadze:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň wekiliýetiniň döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etmek meniň üçin uly hormat boldy. Biz geljekki hyzmatdaşlygymyz barada örän netijeli gepleşik geçirdik we bu saparyň dowamynda medeniýetiň dürli ugurlary boýunça birnäçe özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekeris.
Şeýle hem ýaşlarymyzyň arasynda eýýäm bar bolan berk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk. Bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli we geljek ýyllarda sebitimizde ýaşlaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üçin täze mümkinçilikleri döretmeli» diýip belledi.
Ýokary derejeli duşuşyga Gruziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Giorgi Mirtskhulava, ministrligiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Zurab Bakuradze hem-de şol bölümiň baş hünärmeni Giorgi Nadiraşwili gatnaşdy.
