Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Gruziýanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşygyň dowamynda Giwi Mikanadze kärdeşine Gruziýanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlary barada maglumat berip, ýakyn wagtda durmuşa geçiriljek birnäçe başlangyçlary tanyşdyrdy.
Gepleşiklerde hünär bilimi, mekdebe çenli bilim, başlangyç, orta we ýokary bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda halkara ýaşlar lagerlerini guramak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bilelikdäki bilim taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Ýokary derejeli duşuşyga Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşia hem-de Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory Dawit Gurgenidze hem gatnaşdy.
