JEMGYÝET

Konkur boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça bäsleşik geçirildi. Şanly sene mynasybetli her ýyl geçilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz behişdi bedewleri bilen çykyş etdi.

Şeýlelikde, bäsleşigiň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Onda çykyş eden bedewleriň 10-sy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylar 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşdylar. Netijede, ikinji tapgyrda türgenleriň üçüsi deň netije gazanmagy başardylar. Üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň sekizisinden geçmeli boldular.

Netijede, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen şowly çykyş edip, birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow bolsa Akgala atly bedewi bilen çykyş edip, biraz şowsuzlyga ýol berendigi sebäpli, ýaryşy ikinji orunda tamamlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew hem Galkynyş atly bedewi bilen bäsleşigiň üçünji tapgyrynda çykyş edip, üçünji orna düşmegi başardy.

Ýaryşyň ýeňijilerine baýraklar Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde gowşurylar.

 

Modeller öýleriniň arasynda bäsleşik

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar