JEMGYÝET

Türkmenistan-Italiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde açyk syýasy dialogyň ýola goýlandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylandygyny nygtap, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Italiýanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

 

Taryhda şu gün: 8-nji iýun

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy