Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu günki wakalar size başga  adamlary diňlemegiň we olar bilen dil tapyşmagyň nähili möhümdigini ýene bir gezek ýatladar. Islendik gatnaşyk sizden adatdakysyndan has köp sabyrlylyk we çeýelik talap eder. Käbir Hamallar gaharyny saklamakda we gödek geplemekden saklanmakda kynçylyk çekip bilerler. Emma günüň ikinji  ýarymy beýle bir kyn bolmaz.  Öýde tertip-düzgüni  çalt ýola goýup bilersiňiz. Agşam  üýtgeşik pikirleriň, oýlanmalaryň we möhüm zatlar baradaky gürrüňleriň wagtydyr. Siz soňky wagtlarda oýlandyrýan soraglaryňyza anyk jogaplary taparsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün şowly geçer, hem özüňiz  hem-de başgalar üçin köp peýdaly işleri etmäge ýetişersiňiz. Bu ýagdaýda aljyramak ýa-da gyssanmak gerek däl  arkaýyn öz ritmiňizde hereket edip bilersiňiz. Şeýle hem  işleriňiz ugruna bolar we her zada nähili çalt ýetişendigiňize özüňiz hem haýran galarsyňyz. Maliýe meselelerini çözmek üçin hem amatly gündür. Praktiki çemeleşmäňiz saýasynda ýitgilere getirip biljek ýalňyşlyklaryň öňüni alarsyňyz. Iş ýa-da biznesi ösdürmek barada täze pikirleriň ýüze çykmagy mümkin. Ýöne dynç almagy hem unutmaň, özüňize birneme parahatçylyk beriň. Bu size indiki hepde üçin güýç toplamaga kömek eder.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gowy zatlar seýrek ýagdaýda öz-özünden bolýar, ýöne şu gün azajyk tagalla etseňiz  ýyldyzlar sizi goldarlar. Emma bir işe başlamazdan ozal hereket meýilnamasyny düzüň. Şu wagt tötänlige bil baglamaly däl, aýratyn-da diňe bir siziň däl, eýsem ýakynlaryňyzyň hem bähbidine degişli meselelerde. Puluň gelmegi, şol sanda garaşylmadyk çeşmelerden gelmegi mümkin. Çykdajy etmekde howlukmaň, bu paýhasly bolar. Biraz wagtdan bu serişdeleri nähili dogry ulanmalydygyny düşünersiňiz. Gyzykly duşuşyklar we täze tanyşlyklar bolup biler. Eger sizi nähili-de bolsa bir çärä çagyrsalar, ýüz döndürmäň: diňe bir wagtyňyzy hoş geçirmän, eýsem garaýyşlary meňzeş adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik bolar. Bu gürrüňdeşlik geljekde möhüm rol oýnajak uzak möhletli gatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Maksadyňyza ýetmek üçin tutanýerlilik görkezmegiň wagty geldi. Bu elmydama aňsat bolmaz, ýöne duýgularyňyzy dolandyryp bilseňiz, möhüm maksatlara ýetip bilersiňiz. Öz içki sesiňize gulak asmak we başgalaryň şüpheleriniň sizi ýoldan goýmagyna ýol bermezlik möhümdir. Siziň meýilnamalaryňyz ýakynlaryňyzyň hemmesine ýaramazlygy mümkin. Muňa gaharlanmaň. Ilkinji netijeleri görkezmegiňiz bilen olaryň garaýşy üýtgär we size ynanyp başlarlar. Maliýe işlerinde seresap boluň. Uly satyn alyşlary meýilleşdiren bolsaňyz  ýene bir gezek oýlanyň. Garaşylmadyk çykdajylar bolup biler, ýöne olar uly bolmaz. Diňe gereksiz harajatlary azaltmaga çalşyň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Gün dürli-dürli bolup biler: hem dartgynly, hem örän ýakymly pursatlara garaşylýar. Garaşylmadyk ýagdaýlara taýyn boluň we bir zat meýilleşdirilişi ýaly bolmasa geň galmaň. Esasy zat özüňize bolan ynamy saklamakdyr. Maliýe meseleleriniň şowly çözülmegi we garaşylmadyk pul girdejileri ähtimaldyr. Pul baradaky meselelerde duýgurlygyňyz (intuisiýaňyz) sizi aldamaz. Hojalyk işleri üçin hem amatly gün, islendik işi çalt tamamlamagy başararsyňyz. Daş-töwerekdäkiler bilen aragatnaşykda dartgynly pursatlar bolup biler. Pikirleriňizi paýlaşanyňyzda  adamlaryň reaksiyasy siz garaşyşyňyzdan üýtgeşik bolup biler. Olaryň şüphelerine tankyt hökmünde garamaň we jedelleşmäge howlukmaň. Olara diňe oýlanmaga wagt beriň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sizi erbet däl gün garaşýar. Her zadyň derrew göwnüňizdäki ýaly boljakdygyny aýdyp bolmasa-da, gowy meýilleriň täsiri duýlar. Dürli işler bilen meşgullanmaly bolarsyňyz, şonuň üçin ýadamarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde dynç almaga-da wagt tapylar. Pul girdejileri ähtimal. Belki, uly däl mukdar bolar, ýöne ol örän wagtynda geler we garaşylmadyk bir zady satyn almaga mümkinçilik berer. Öz diýeniňizde durmagy başaryň. Eger maşgalada ýa-da dostlaryňyzyň arasynda düşünişmezlik ýüze çyksa, diňe dartgynlylygy azaltmak üçin öz pikirňizden dänmäň. Öz garaýşyňyzy parahat we ynamly beýan ediň, şonda töwerekdäkiler siziň bilen ylalaşarlar. Siziň durnuklylygyňyz ýakynlaryňyz tarapyndan ýokary bahalanar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Sizi asuda gün garaşýar, hepde içinde başlan işleriňizi tamamlamak we biraz dynç almak üçin amatlydyr. Garaşylmadyk oňaýsyzlyklardan gorkmasaňyz hem bolar  köp zat aňsatlyk bilen amala aşar. Esasy zat  öz öňüňizde real maksatlary goýuň. Maliýe meseleleriniň şowly çözülmegi ähtimal. Belki  köne bergiňizi gaýtaryp bererler ýa-da puly nähili dogry ulanmalydygyny maslahat bererler. Dostlar bilen duşuşyk sizi begendirer. Möhüm maglumatlary almagyňyz mümkin, olar tiz wagtda peýdaly bolar. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi aşa ýüklemezlige çalşyň. Agşam ýatmazdan ozal arassa howada gezelenç etmek günüň ajaýyp jemlemesi bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Gün size köp sanly ýakymly pursatlary we oňyn duýgulary peşgeş berer. Täze hepdäniň öňüsyrasynda güýç toplamak we dynç almak isleýän Akraplar wagtyny örän hoş geçirerler. Maliýe meselelerinde seresap boluň. Günüň ikinji ýarymynda  dostlaryňyzyň arasynda wagtyňyzy gowy geçirerisňiz, şahsy gatnaşyklar babatda hem gün ýakymly bolar. Köp mähirli gürrüňler we garaşylmadyk üns merkezinde bolmak size şatlyk getirer. Aýratyn-da söýgi gatnaşyklarynda ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar aragatnaşyk has ynamly we mähirli bolarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   
Sizi hökman gyzykly zatlar garaşýar. Gün wakalara baý bolar we olaryň köpüsi siziň bähbidiňize bolar, täze mümkinçilikler açar we öňden bäri isläp ýören zatlaryňyza ýetmäge şert döreder. Durmuşyň dürli ugurlarynda özgerişler bolup biler, olar sizi gorkuzmaz  tersine  ruhlandyrar. Emma töwerekdäkiler siziň näme üçin beýle edýändigiňize elmydama düşünmezler  şonuň üçin aragatnaşykda dartgynlylyk bolmagy mümkin. Eger hemme zady jikme-jik düşündirseňiz  gatnaşyklardaky sazlaşyk dikeler we kiçi düşünişmezlikler ýatdan çykarylar. Pul meselelerinde howlukmaň  bu paýhasly bolar. Intuisiýaňyz nämede tygşytlap boljakdygyny görkezer. Ýakyn adamyňyza kömek etmek mümkinçiligi dörär bu bolsa size ruhy kanagatlanma getirer.
 

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gün wakalara baý we özboluşly kyn bolar  ýöne bu işleri yza süýşürmek üçin sebäp däl. Siz kynçylyklara garamazdan maksada okynly  adam  şol sebäpli hem şu gün üstünlik gazanarsyňyz. Irden peýdaly işler üçin örän amatlydyr. Gündelik işler ýa-da döredijilikli işler bolsun tapawudy ýok  gowy netijelere garaşyp bilersiňiz. Eger ýanyňyzda tejribeli adam bolsa  maslahat soramakdan çekinmäň. Başgalaryň tejribesi wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlamaga kömek eder. Günüň ortalaryna ýadawlyk duýmagyňyz mümkin. Biraz arakesme ediň, gezelenç ediň. Agşamlyk bolsa maşgala çäreleri ýa-da dostlar bilen duşuşmak üçin amatlydyr. Möhüm we kyn meseleleri goýup hemmeler üçin ýakymly bolan işler bilen meşgullanyň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Peýdaly işi ýakymly iş bilen utgaşdyrmak ukybyňyz bu gün size örän gerek bolar. Garaşylmadyk erbet habarlardan gorkmak gerek däl emma uzakdan ýakymly habarlaryň gelmegi mümkin. Maliýe meselelerini çözmekde ünsli bolmak we hiç bir jikme-jigi gözden sypyrmazlyk size kömek eder. Beýleki möhüm işler üçin hem gün amatlydyr. Başlan işleriňiz çalt öňe gider. Okuwda we döredijilikde üstünlikler gazanylmagy ähtimal. Täze bir zada başlamak isleseňiz bu gün iň amatly pursatdyr. Söýgi gatnaşyklary hem gowy bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün köp zat şowly bolar, öň çözüp bilmedik soraglaryňyz öz-özünden çözüler. Täze bir işe başlamak üçin hem gowy gündür. Siz täze zatlary çalt öwrenersiňiz we başgalaryň başarmadyk ýerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda daşky gurşawyň üýtgemegi göwnüňizi göterer we size birnäçe güne ýetjek energiýa berer. Täze tanyşlyklara taýyn bolan Hutlar üçin ýakymly garaşylmadyk sowgatlar bolup biler.