Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün sizden sabyr talap eder, ýöne şol bir wagtda hem gowy gidýän zatlara baha bermegiň nähili möhüm bolandygyny ýatladar.Meýilnamalar düzedişleri talap edip biler, meseleler öň pikir edeniňizden birneme çylşyrymly bolup biler.Şonuň üçin hem irden özüňizi nädip begendirip boljakdygyny pikir ediň.
Günüň ikinji ýarymynda ýadawlyk bolar. Eger käbir işleri başga günlere geçirmäge mümkinçilik bar bolsa, ondan peýdalanyň. Bu wagtda işdeşler we ýakynlar bilen hoşniýetli bolmak aýratyn möhümdir. Ujypsyz düşünişmezlikler bolup biler, ýöne siz möhüm däl ýerlerde öz diýeniňizi tutmasaňyz, olar çynlakaý dawa öwrülmez.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hepdäniň başynda ýeňillik hem bolmaz.Esasy maslahat howlukmaň we zerur däl ýerde töwekgelçilik etmäň. Eger täze bir zat hödürlemek ýa-da ýolbaşçy bilen möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmak meýliňiz bar bolsa, öňünden taýýarlanyň.Kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen düşünişmezlikler bolup biler. Mundan gorkmaň: ýagdaý aýdyňlaşan badyna, hemmeler siziň pikiriňiziň dogrudygyny görer. Arkaýyn we ynamly boluň, wagtyň özi galan zatlary ýerine ýetirer.Täze işlere we taslamalara günüň ikinji ýarymynda başlamak has gowy bolar we karýera ösüşi bilen bagly gowy täzelikler hem bolup biler. Olar keýpiňizi göterer we işe goşmaça höwes berer.Eger öý üçin peýdaly bir zat satyn almak isleýän bolsaňyz, muny günüň ikinji ýarymynda etmek bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün täze meseleleri getirer, olar ünsüňizi jemlemegi we jogapkärli çemeleşmäni talap eder. Siz adatça topar bilen işlemegi halaýan bolsaňyz hem bu gün ilki bilen özüňize bil baglamaly bolarsyňyz. Başda bu sizi aladalandyryp biler, ýöne tiz wagtda garaşyşyňyzdan has gowy başaryp bilýändigiňize göz ýetirersiňizGünüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklarda sabyry we näzikligi talap eder. Eger soňky wagtlarda düşünişmezlikler ýygnanan bolsa, bu barada arkaýyn we açyk gürleşmek gerek bolar. Duýgularyňyzy paýlaşmakdan gorkmaň. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk hem sizi begendirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Size üstünlikli gün garaşýar. Öň sizi kyn ýagdaýa goýýan meseleler garaşylmadyk derejede aňsat çözüler. Eger uzak wagt bäri çylşyrymly işi yza süýşürýän bolsaňyz, häzir başlamak üçin amatly wagt.Şeýle hem bu gün kärdeşler bilen hepdelik meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Gürrüň netijeli bolar, pikirleriňiz gyzyklanma bilen kabul ediler. Täze zatlary hödürlemekden çekinmäň.Garaşylmadyk iş teklipleri bolup biler. Olardan ýüz öwürmäge howlukmaň sebäbi olar geljekde oňyn üýtgeşmeleriň başlangyjy bolup biler.Agşam dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatlydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün size hakyky synag ýaly bolup görünip biler. Emma günüň ortasyna çenli doly aýdyň bolar: siz diňe ähli synaglary üstünlikli geçmek bilen çäklenmän, eýsem üstünlik gazanyp bilersiňiz.Irden ygtybarly ýaly görünýän meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Munuň üçin aşa aladalanmagyň geregi ýok.Ýagdaýa çalt uýgunlaşmak we şol bada çözgüt tapmak ukybyňyz örän ýerlikli bolar. Günüň dowamynda özbaşdak edilen ilkinji ädimler örän üstünlikli bolar.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda kynçylyklar ýüze çykyp biler.Şeýle ýagdaýlarda hoşniýetli bolmak we täze nägilelikler üçin sebäp döretmezlik örän möhümdir.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň başy kiçijik bir üns synagy bilen başlar, eger siz ony üstünlikli geçseňiz günüň galan bölegi ýeterlik derejede asuda geçer we täze synaglary getirmez. Eger siz duýgulara boýun bolmasaňyz, başgalaryň sypdyran möhüm jikme-jikliklerini wagtynda görersiňiz we ýagdaýy gowulandyrmagyň ýoluny taparsyňyz. Gymmatly zatlara we puluňyza ünsli boluň bu gün ünsüň sowulmagy size ep-esli gymmata düşüp biler. Günüň ikinji ýarymy umuman has asuda geçer. Bu möhüm iş gepleşikleri we umumy meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Iş ýa-da maliýe meselelerinde gyzykly teklipler we gowy täzelikler bolup biler.Agşam öýde ownuk düşünişmezlikler bolup biler, ýöne olar çynlakaý dawa öwrülmez. Eger gürrüň dartgynlaşyp başlasa, diňe bir ädim yza çekiliň we ylalaşyk teklip ediň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň başy kyn bolup biler. Işlerde gijikmeler bolup biler köp meseleleriň çözgüdi garaşyşyňyzdan has köp wagt talap eder. Howlukmaň we aladalanmaň. Size artykmaç dartgynlyksyz iş ritmine girmek üçin biraz wagt gerek bolar.Aýratyn takyklygy ünsüň jemlenmegini we jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän işleri irden meýilleşdirmäň. Olary günüň ikinji ýarymyna goýuň: şol wagta çenli siz gerekli ýagdaýy gazanyp bilersiňiz. Iş gepleşikleri hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak size uly üstünlikleri getirer.Şahsy durmuşyňyzda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Bu başlangyç görkezmek üçin amatly gün: mysal üçin, duýgularyňyzy açyk aýtmak ýa-da size ýakyn bolan adama ilkinji ädimi etmek bolýar. Bu döwürde başlanan romantik gatnaşyklar ýeňil we sazlaşykly boljakdygyna wada berýär. Dostlar bilen aragatnaşyk hem sizi begendirer.
.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün Akraplar üçin aýratyn gün bolar. Işde garaşmadyk ýerde üstünlik gazanmaga mümkinçilik bolar. Öň umytsyz ýaly görünýän bir işde öňegidişlik bolup biler.Şeýle hem ýakynlaryňyz bilen pikirleriňizi paýlaşmakdan çekinmäň: hatda iň batyrgaý we özboluşly pikirleriňiziň hem goldaw almagy mümkin.
Günüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklar nukdaýnazaryndan amatly bolar. Köp Akraplar öz duýgularyna düşünip bilerler. Öň bulaşyk ýa-da çözülmesi kyn ýaly görünýän zatlar birden ýerbe-ýer bolar we siz indiki ädimleriňizi nähili etmelidigini düşünersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Gün kyn başlanyp biler. Irden size garaşýan meseleler uly güýç we üns talap eder. Başda käbir zatlar kyn düşer, ýöne el çekmäň. Hut şeýle pursatlarda ruhdan düşmezlik aýratyn möhümdir. Irden ýönekeý işler we tanyş meseleleri çözmek bilen başlaň. Olary ýerine ýetireniňizden soň siz has ynamly öňe gidip bilersiňiz.
Iş babatda ýakymly wakalar bolup biler. Mysal üçin käbir Kowuslar täze hyzmatdaşlary taparlar.Günüň ikinji ýarymynda iş hökmünde başlanan gatnaşyklar soňra romantik häsiýete eýe bolup biler. Emma bu ýerde howlukmazlyk möhümdir.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Gün oňat başlar. Täze işlere we taslamalara başlap bilersiňiz. Käwagt kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne siz tiz wagtda ilkinji netijeleri gazanyp, şol bir wagtda geljekde peýdaly boljak tejribe toplarsyňyz.Günüň birinji ýarymynda siz özüňizi täzeden berk ýerde duran ýaly duýarsyňyz we haýsy ugra hereket etmelidigini bilersiňiz.Iş duşuşyklary we gepleşikler üstünlikli geçer. Siz garşydaşlaryňyzda gerekli täsir galdyrarsyňyz. Täze hyzmatdaşlar bilen tanyşmak ýa-da ýolbaşçy bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin günüň ikinji ýarymy amatlydyr.Kiçi maliýe kynçylyklary bolup biler. Käbir meýilleşdirilen satyn alyşlar başa barmap biler, şeýle hem garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykyp biler. Munuň üçin aladalanmaň ýagdaý tiz wagtda gowulaşar.Agşam ýakynlaryňyz bilen wagt geçirseňiz has ýakymly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün täze mümkinçilikleri açar we iş babatda örän üstünlikli bolar. Siz peýdaly maglumatlary alyp bilersiňiz, kärdeşleriňizden biri gowy pikir paýlaşyp biler, hatda kiçijik bir waka hem sizi gyzykly pikirlere iterip biler. Siz möhüm açyşlar edip bilersiňiz we bu iş ugrunda uly oňyn üýtgeşmeleriň başlangyjy bolup biler.Kärdeşler bilen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak netijeli bolar, aýratyn-da siz anyk teklipler bilen we näme gazanmak isleýändigiňizi doly düşünip bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda romantik gatnaşyklar sazlaşykly bolar. Ýakyn adamlaryňyz sizi artykmaç sözsiz hem düşünerler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün siz başlanan işleriňiziň köpüsini tiz ýerine ýetirip bilersiňiz. Eger siz öňden bäri möhüm taslama başlamak ýa-da uly maksat goýmak meselesini yza goýup gelen bolsaňyz, muny häzirki wagtda amala aşyryp bilersiňiz.Günüň birinji ýarymy iş gatnaşyklary üçin amatly bolar. Siziň pikirleriňiz gyzyklanma bilen kabul ediler, möhüm ylalaşyklar tiz gazanylar.Garaşylmadyk pul girdejileri gelip biler. Mümkin, size köne bergi gaýtarylyp berler ýa-da garaşylmadyk bonus alarsyňyz. Ownuk satyn alyşlary etmek bolýar ýöne soňky karary kabul etmäge howlukmaň.Bu gün siziň içki duýgyňyz aýratyn güýçli bolar, şonuň üçin hem şahsy gatnaşyklarda bil baglamaly.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
