MEDENIÝET

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan gurnalan «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirilýär. Kinofestiwalyň işine Türkmenistanyň  Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow gatnaşýar.

Geçirilmegi asylly däbe öwrülen  festiwalyň çäklerinde kino muşdaklaryna görkezmek üçin Türkmenistandan birnäçe filmler hödürlendi.

Türki döwletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde kinolaryň bäsleşigi, ussatlyk sapaklary, söhbetdeşlikler, surat sergisi, konsert maksatnamasy we beýleki birnäçe medeni çäreler göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, festiwala gatnaşýan Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow hem ussatlyk sapagyny geçirip, ssenariýa ýazmak, filmleriň ssenariýalaryny düzmek babatda özüniň tejribesini paýlaşdy.

Festiwalda Serdar Durdyýewiň “Gysga ýol”, Mekan Gurbanaliýewiň “Mähir terbiýesi”, “Oýunda bilelikde”, Röwşen Welmiýeriň “Meniň oýnum”, “Tikenjik mymyjak bagyşla”, Batyr Batyrowyň “Ýeňişli ädimler”, şeýle hem Mämmet Hojagulyýewiň “Tebigatyň ýylgyrýan ýüzi” atly filmleri görkezildi.

3-nji gezek dostlukly Türkiýe Respublikasyndan geçirilýän bu kinofestiwala Türkmenistanyň kino dünýäsiniň wekilleri işjeň gatnaşyp gelýär.

 

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy