TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýeti gatnaşdy.

“SusHi Tech Tokyo 2026” innowasion forumyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalar, startaplar we tehnologiýa hünärmenleri gatnaşdylar. Forumuň esasy maksady — täze tehnologiýalary, innowasiýalary we sanly çözgütleri görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.

Forumyň dowamynda emeli aň (AI), 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, akylly şäherler (smart city), ýaşyl energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar we sergiler geçirildi. Gatnaşyjylar täze önümler bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

“SusHi Tech Tokyo 2026” forumynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklarda sanly infrastruktura we telekommunikasiýa hyzmatdaşlygy ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly hyzmatlar, “Akylly şäher” çözgütleri (Smart City) — şäher dolandyryşy, Startap ekosistemasy — halkara startap platformalary we tehnologiýa merkezleri bilen ýaş startaplary ösdürmegiň hem-de gelejekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler