TEHNOLOGIÝA

Özbegistanda ekine onlaýn gözegçilik ýola goýuldy  

Özbegistanyň Andijon welaýatynda 6 gektar meýdanda «Emeli intellekt» tehnologiýasy ornaşdyryldy. Synag üçin alnan bu ýer bölegi baradaky ähli maglumatlar «Monterra» onlaýn platformasyna ýerleşdirildi.

Ýerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmaga ýardam berjek täze tehnologiýanyň ähmiýetli taraplary özbek metbugatynda şeýle sanalýar:

— tehnologiýa bellenen ýer bölegi baradaky maglumatlary ýyllaryň dowamynda özünde saklar. Şeýlelikde, bu ýer barada gözegçilik maglumatlarynyň arhiwi jemlener. Bu arhiw bolsa, ýer bilen indiki işleşjekler üçin gymmatly maglumata öwrüler;

—​ tehnologiýa topografik we katastr kartalaryny çyzar;

—​ ekin meýdanlarynyň relýefini takyk kesgitlär;

—​ gowaçanyň we bugdaýyň (ýa-da şol ýere ekilen beýleki ekinleriň) ösüş ýagdaýyna onlaýn gözegçilik etmäge mümkinçilik berer;

—​ ekilen ekinleriň görnüşleri we ýagdaýy baradaky maglumatlary özünde ýygnar.

Synaglar üstünlikli geçen ýagdaýynda ýurtda bu häzirki zaman tehnologiýasyndan köpçülikleýin peýdalanmak pikiri bar.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi