MEDENIÝET

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy, döwletimiziň gülläp ösýän keşbi sazyň dili bilen beýan edildi.

Konsertde opera eserlerine hem giň orun berildi. Muhadowyň «Zöhre we Tahyr», «Kemine we kazy», «Ganly saka» operalaryndan ýerine ýetirilen parçalar türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň hem-de taryhynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Muhadowyň lirik aýdymlaryny ýerine ýetirmegi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazyň güýji arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşany boldy.

Konsertiň dowamynda «Jan, Türkmenistan!» sazy tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu eserler Türkmenistan Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we abadan durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Şeýle hem konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz we opera sungatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň ruhy bitewüliginiň, taryhy we medeni kökleriniň umumylygynyň nyşanyna öwrülip, medeni hyzmatdaşlygyň hem-de döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Aşyklaryň şäheri» aýdymy çäräniň ajaýyp jemlemesine öwrülip, paýtagtymyz Aşgabadyň parahatçylygyň, söýginiň we dostlugyň halkara merkezi hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy.

Ýene-de okaň

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldular

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar