JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýagdaýy we şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda ýokary halkara güwänamalaryna mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. 

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň açylan pursatyndan bäri, sanly ýyllaryň içinde bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.

Gahryman Arkadagymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda biziň baş maksadymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly seneleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Türkmen halysynyň baýramyny dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk hem-de şanly seneleriň guramaçylykly geçirilmegini baş maksat edinýän baýramçylyk meýilnamalary barada maglumat berdi.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar