BIZNES

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliard dollarlyk täze hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew AÖB-nyň Dolandyryjylar geňeşiniň 59-njy ýyllyk maslahatynyň resmi açylyş dabarasynda mälim etdi.

“Düýn biz bank bilen 12 milliard dollarlyk täze hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdik. Hemmäňize mälim bolşy ýaly, häzirki durnuksyz döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly özgermeler bolup geçýär, täze tehnologiýalar çalt depginler bilen özleşdirilýär. Ýagdaýlaryň özi durnukly ösüşi üpjün etmek üçin bank bilen bilelikde täze gurallary we täsirli çemeleşmeleri ornaşdyrmagymyzy talap edýär” diýip, Ş. Mirziýoýew belledi.

Mundan başga-da, Özbegistanyň Lideri ýurtda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdi. Soňky ýyllarda ykdysadyýete 150 milliard dollar möçberinde daşary ýurt maýa goýumlary çekildi we müňlerçe döwrebap kärhanalar işe girizildi. Bu döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty 3 esse artdy, ykdysadyýetiň göwrümi bolsa 50 milliard dollardan 147 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Ýene-de okaň

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” ykdysady forumynda üstünliklerini tanyşdyrar

Türkmenistan-Gruziýa: sergileri we işewürlik forumlaryny guramak maslahatlaşyldy

Hytaý bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawy Türkmenistandan geçer

Türkmenistanyň telekeçileri “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşýar