Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar güýç-gaýratynyň we ylhamynyň iň ýokary derejesinde bolarlar we  hemme zat isleýşiňizden  hem has şowly bolar netijeler bolsa garaşanyňyzdan köp bolar.Iň esasy zat  agşama çenli depgini gowşatmazlykdyr sebäbi agşamara täze wezipeler ýüze çykyp biler. Egerde  siz karyeraňyzda täze başlangyçlara  garaşýan bolsaňyz özüňiziň   gowy taraplaryňyzy görkezmelisiňiz. Şeýle hem siz bu wagt başarnyklaryňyzy we zehiniňizi görkezmekden çekinmäň bu ünsden düşmez. Agşama meýilleşdirilen işleriňiz  üçin hem azajyk durnuklylyk gerek bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün ilki bilen  möhüm işleriňize üns beriň: günüň birinji ýarymy hut şolar üçin amatlydyr. Şol bir wagtyň özünde, soňky döwürde sizi binjalyk edip ýören köp sanly iş meseleleriňizi  hem şowly çözülip bilersiňiz. Ozal size örän kyn görnen zatlar, aslynda, amala aşyryp boljak ýönekeý işler bolup çykar. Esasy zat  ownuk-uşak zatlara ünsüňizi bölmän, bar güýjüňizi hakykatdan hem çynlakaý wezipelere gönükdirmekdir.Pul girdejileriniň bolmagy hem ahmal. Bu gün size köne bergiňizi gaýtaryp bilerler. Maliýe meseleleriňizde   öz duýgyňyza bil baglamagyňyz ýerlikli bolar.Günüň ikinji ýarymynda siz diňe bir öz işleriňizi bitirmek bilen çäklenmän, eýsem kömege mätäç adamlara ýardam bermegiň ýoluny hem taparsyňyz. Hatda size nätanyş diýen ýaly bir adam ýüz tutsa-da, oňa “ýok” diýmek islemersiňiz. Şeýle hem ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk  göwnüňizi göterer.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň başlangyjy gyzykly duşuşyklar we ýakymly tanyşlyklar üçin mümkinçilikler açýar, şonuň üçin professional we dynç alyş çärelerine gatnaşmakdan ýüz öwürmeli däl. Gatnaşyklarda başlangyç görkeziň.Iş meseleleriňizi  seresaplylyk bilen çözmäge çemeleşiň, şonda çynlakaý ýalňyşlyklara ýol bermersiňiz. Ähli taraplaryny ölçerip bilmek ukybyňyz  dogry kararlary  kabul etmäge kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda täze işlere we taslamalara başlap bilersiňiz.Bu wagt siz  döredijilikli çemeleşmelerde  özüňizi aýratyn gowy görkezip bilersiňiz we hatda güýçli bäsdeşleriňizden hem üstün çykarsyňyz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün köp sanly gyzykly wakalary getirer.Şeýle hem birnäçe iş meseleleriňizi çözmek başardar. Siz diňe bir öz işleriňizi däl, eýsem kyn ýagdaýa düşen kärdeşleriňize hem kömek edip bilersiňiz.Bu gün köp  Seretanlar ýakyn wagtda peýdaly boljak tejribelerini  toplarlar. Peýdaly tanyşlyklaryň bolmagy hem mümkin. Şeýle hem siz  täze taslamalaryň üstünde işläp başlap bilersiňiz. Siz köp zady derrew öwrenersiňiz we üstünlik gazanmak üçin näme etmelidigine çalt düşünersiňiz. Käbir Seretanlar öz hususy işini açmak barada çynlakaý oýlanarlar.Günüň ikinji ýarymynda siz  maksadyňyza tarap ilkinji ädimleri ädip bilersiňiz, ýöne möhüm kararlar we maýa goýumlary bilen howlukmazlyk has gowudyr; ilki bilen ýagdaýy öwrenmeli we iş meýilnamasyny düzmeli bolarsyňyz.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün sizden sabyrlylygy we çalt uýgunlaşmagy talap eder ýöne asudalygyňyzy saklasaňyz garaşylmadyk ähli ýagdaýlaryň hötdesinden gelersiňiz, hatda olardan özüňiz üçin peýda hem taparsyňyz.Ähli zat garaşylyşy ýaly bolmaz. Günortana çenli tamamlamagy meýilleşdiren işleriňiz agşama çenli çekip biler. Öň gazanylan ylalaşyklar birden sorag astyna düşüp biler: kimdir biri duşuşygy başga wagta geçirmegi haýyş eder  başga biri şertnamanyň şertlerini üýtgetmegi mümkin ýene birleri bolsa beren wadalaryny ýatdan çykaryp bilerler. Garaşylmadyk bökdençlikler we üýtgeşmeler sebäpli gaharlanmaň olara iş prosesiniň bir bölegi hökmünde garaň.  Günüň ikinji ýarymynda maliýe taýdan gün örän amatly bolar. Garaşylmadyk pul girdejileriniň bolmagy ähtimal. Geljek pul mukdary gaty uly bolmasa-da, zerur satyn almalar ýa-da möhüm meseleleri çözmek üçin doly ýeterlik bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Gatnaşyklar üçin ajaýyp gün. Täze tanyşlyklar örän aňsatlyk bilen ýola goýlar, siz köp adamlarda oňat täsir galdyrarsyňyz we halanýan adamlaryňyz bilen çalt dostlaşarsyňyz. Ýakynlaryňyz bolsa size gymmatly maslahatlary bererler.Eger nähilidir bir kynçylyk ýüze çyksa ýa-da nähili çemeleşmelidigiňiz düşnükli bolmasa  sizi ýakyndan tanaýan adamlaryňyza  ýüz tutuň.Iş meseleleriňizde seresaplylyk görkeziň bu bolsa size  ýalňyşlyklaryň öňüni almaga we dogry kararlary  kabul etmäge kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda  şahsy durmuşyňyzda üýgeşmeler peýda bola.Romantiki duşuşyklar size ajaýyp täsir eder.Söýgüli adamyňyz bilen aragatnaşyk size peýda berer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizan  ýyldyzy astynda dogulanlar özüniň deňagramlylygy, diplomatiýasy we gözellige bolan söýgüsi bilen tanalýarlar. 2026-njy ýylyň maý aýynyň ilkinji günleri siziň üçin sazlaşyk we möhüm saýlawlar döwri bolar.Häzirki wagtda siziň esasy maksadyňyz içki deňagramlylygy tapmak. Durmuşyňyzda käbir   gapma-garşylyklar bar bolsa olary parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin  amatly wagt. Maý aýynyň başy size özüne çekijilik we täze başlangyçlar üçin ylham berer.Iş ýeriňizde gepleşikleri geçirmek we adamlaryň dilini tapmak ukybyňyz häzir ýokary derejede bolar.Şeýle hem hyzmatdaşlykda topparlaýyn işlerde ýa-da täze şertnamalarda siziň pikiriňiz esasy orunda durar. Adalatly kararlaryňyz töweregiňizdekiler tarapyndan goldaw tapar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyzdan ýakymly garaşylmadyk sowgatlar ýa-da gyzykly teklipler gelip biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda siziň duýgurlygyňyz örän ýitidir. Içki sesiňize gulak assaňyz, köp meseleleriň aňsat çözgüdini taparsyňyz. Bu döwür durmuşyňyzy düýpli seljermek we zyýanly endiklerden dynmak üçin  amatly pursatdyr.Iş ýeriňizde  siziň strategiki pikirlenme ukybyňyz häzir ýokary derejede  durýar.Şeýle hem  öňüňizde goýan uly meýilnamalaryňyza tarap ynamly ädim ädersiňiz.Emma  kyn taslamalar sizi gorkuzmasyn çünki olaryň hötdesinden gelmäge güýjüňiz ýeterlikdir.Şeýle hem meýilnamalaryňyzy hemmelere aýan etmäň  käbir zatlary gizlinlikde saklamak size has uly üstünlikleri getirer.Günüň ikinji ýarymynda söýgi we sylaşyk  ýanýoldaşyňyz bilen aradaky ynam has-da berkider. Maşgaladaky maddy meseleler boýunça netijeli söhbetdeşlikler bolup biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   

Siziň täzeçillik ukybyňyz we global pikirlenmegiňiz häzir uly ähmiýete eýedir.Egerde siz  daşary ýurt dilleri ýa-da halkara maksatnamalar bilen gyzyklanýan bolsaňyz, bu ugurda möhüm ädimler ädip bilersiňiz. Okuw materiallaryny we täze maglumatlary özleşdirmek size aňsat düşer.Käbir Kowuslar işjeňligi we täze tejribeleri halaýarlar.Arassa howada ylgamak ýörişler ýa-da işjeň sport oýunlary siziň üçin gowy dynç alyşdyr. Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen gyzykly söhbetdeşlikler garaşylýar. Maddy taýdan bolsa, geljekki maşgala maýa goýumlary ýa-da uly satyn almalar barada maslahatlaşmak ahmal.Ýakynlaryňyz bilen bilelikde täze bir ýere gitmek ýa-da medeni çärä gatnaşmak gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedi   ýyldyzynyň astynda dogulanlar özüniň çynlakaýlygy, jogapkärçiligi we maksada okunlylygy bilen tanalýarlar.Häzirki wagtda siziň esasy ünsüňiz netijelilige gönükdirilen. Maý aýynyň ilkinji günlerinde öňüňizde goýan wezipeleriňiziň anyk miwesini görüp başlarsyňyz. Bu döwür durmuşyňyzyň binýadyny has-da berkitmek we strategiki kararlar bermek üçin örän amatlydyr.Siziň guramaçylyk ukybyňyz we zähmetsöýerligiňiz häzirki wagtda iň uly artykmaçlygyňyzdyr. Karýeraňyzda ýa-da okuwyňyzda täze bir basgançaga galmak üçin mümkinçilik dörär. Jogapkärli işleri öz üstüňize alsaňyz, abraýyňyz has-da artar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Iş ýeriňizde uly öňegidişlikleriň bolmagy ähtimal. Esasanam hyzmat ediş ulgamynda işleýän we gozgalmaýan emläk bilen meşgullanýan Daluw  ýyldyzynyň  astynda doglanlar ýyldyzlaryň goldawyna bil baglap bilerler. Eger siz eýýämden bäri geleşik barada gepleşik geçirýän bolsaňyz ýa-da müşderi gözleýän bolsaňyz, şu gün ajaýyp teklipleriň peýda bolmagyna garaşyň. Hatda meýilnamalaryňyzy birneme üýtgetmeli bolsaňyz hem bu pursatlary elden gidirmäň.Işewür gatnaşyklar nukdaýnazaryndan bu gün örän amatly bolar. Siziň köpden bäri gatnaşyk gurmak islän adamlaryňyz has açyk bolar we özleri başlangyç görkezerler.  Köp Daluw ýyldyzynyň astynda doglanlar   hatda düýbünden diýen ýaly tanamaýan adamlaryna hem ynanmaga meýilli bolarlar, bu bolsa geljekde kynçylyklara getirip biler. Haýsydyr bir bilelikdäki taslamalara razylyk bermezden ozal adamlar barada maglumat ýygnaň we  öwreniň diňe ilkinji täsire bil baglamaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Başgalaryň garaýyşlaryny göz öňünde tutmak we ylalaşyk  tapmak ukybyňyz size örän gerek bolar. Hut şu ukybyňyz arkaly siz uzak wagtlap dowam edip gelýän jedellere nokat goýup, çylşyrymly temalary parahatçylykly ara alyp maslahatlaşyp we işe päsgel berýän gapma-garşylyklary çözüp bilersiňiz. Gününi okuwa bagyşlaýan ýa-da synag tabşyrmaga gitjek Hutlar  üçin hem hiç hili kynçylyk döremez. Ýyldyzlar size  çylşyrymly soraglara  dogry jogaplary tapmaga kömek eder. Şeýle  hem  bu gün hünär çärelerinde çykyş etmek we tanyşdyryş  geçirmek üçin amatlydyr.Günüň ikinji ýarymynda  ýakynlaryňyz bilen ýygy-ýygydan düşünişmezlikler bolan bolsa bu gün ylalaşyk gazanmak üçin pursat bolar.