DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanda geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çäklerinde boldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini we olary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Walentina Matwiýenko: «Biz ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň kesgitlän ugurlaryna laýyklykda, Azerbaýjan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris» diýip belledi.

Duşuşygyň esasy mowzugy parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmek boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň we Azerbaýjanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny berkitmekde parlament agzalarynyň orny bellenildi. Şeýle hem halkara parlament meýdançalarynda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Sahiba Gafarowany we Azerbaýjanyň wekillerini geljek ýyl Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek XII Newa halkara ekologiýa kongresiniň we V Ýewraziýa zenanlar forumynyň çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Sahiba Gafarowa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösýändigini, ynsanperwer gatnaşyklaryň, parlamentara we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.

Ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagy bilen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň hyzmatdaşlyk boýunça Parlamentara komissiýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň we ýaş parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydygyny mälim etdi.

Duşuşyga Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Grigoriý Karasin, Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Mariýa Woropaýewa gatnaşdylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan täze aragatnaşyk ulgamy bilen birleşer

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda ilaty 1 million bolan täze şäher gurlar

Türkmenistan we Russiýa gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär