Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dostluk, doganlyk we özara hormat ýörelgelerine esaslanýan Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli özara saparlaryň we syýasy dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Ministrler söwda-ykdysady, energetika, ulag-tranzit, logistika, gämiçilik, ynsanperwerlik we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem sebitara baglanyşygy berkitmegiň we Orta Koridoryň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşykda halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň hem-de beýleki köptaraplaýyn meýdançalardaky özara goldawy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma döredýän beýleki sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Taraplar özara bähbitlilik we strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
