DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň demografik durnuklylyk boýunça ýokary derejeli çäresine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň wekili demografik durnuklylyk meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çärä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapy ygtybarly demografik maglumatlaryň, endikleri kämilleşdirmegiň, öndürijilikli iş bilen üpjünçiligiň hem-de ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegiň özara berk baglanyşygyny nygtady.

Şeýle hem türkmen tarapy ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, adam ösüşini, gender deňligini we ýaş nesliň abadançylygyny ilerletmek boýunça BMG-niň Ilat Gaznasy (ÝUNFPA) bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana sapara geler

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň birleşen arap emirliklerine sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi