Britaniýaly syýahatçy Karl Buşbi 28 ýyl dowam eden pyýada ýöremek arkaly dünýä syýahatyny tamamlap, öz watanyna dolandy. Ol bu döwürde dört ykany we 30 döwleti aşyp, takmynan 50 müň kilometr ýol geçdi.
Karl Buşbi 1998-nji ýylyň noýabrynda Çiliniň Punta-Arenas şäherinden ýola çykyp, ulag serişdelerini ulanmazdan dünýäni aýlanyp çykmagy maksat edinipdi. Syýahatynyň dowamynda ol Bering bogazyny buzuň üstünden pyýada geçdi, Hazar deňzini we La-Manş bogazyny bolsa ýüzüp geçmegi başardy.
Syýahatçynyň uzak ýyllara çeken ýolagçylygy dürli kynçylyklar bilen utgaşdy. Hususan-da, 2008-nji ýyldaky dünýä maliýe çökgünligi, COVID-19 pandemiýasy, şeýle hem wiza almak bilen bagly päsgelçilikler onuň ýoluny birnäçe gezek togtatmagyna sebäp boldy. Diňe Russiýanyň çäginden geçmek üçin oňa 10 ýyla golaý wagt gerek boldy.

Syýahatçynyň ýolunda tebigatyň ýowuz şertleri hem uly synag boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günorta-günbatar sebitlerinden geçende, ol howanyň 50 gradusa ýetýän aşa yssysyna sezewar boldy. Karl Buşbiniň gürrüň bermegine görä, çüýşeden akan suwy gyzgyn asfalta degen badyna buga öwrülipdir. Alýaskada bolsa ol 40 gradus sowukda tas doňup galypdyr.
2004-nji ýylyň maý aýynda syýahatçy Alýaskanyň Ferbenks şäherine ýetipdir. Bu ýerde asfalt ýoluň tamamlanmagy sebäpli, ol ýoluny dowam etdirmek üçin gyşa çenli garaşmaly bolupdyr. Sebäbi diňe gyş aýlarynda Arktikanyň batgalyk tundrasynyň doňmagy kenara tarap hereket etmäge mümkinçilik beripdir. Onuň öňünde duran iň uly synaglaryň biri bolsa Bering bogazyndan geçmek bolupdyr.
Uzak syýahatynyň ahyrynda Karl Buşbi Angliýanyň demirgazygynda ýerleşýän dogduk şäheri Hall şäherçesine dolandy. Bu ýerde ony maşgalasy, şäheriň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Syýahatçynyň ejesi Anjela Buşbi hem oglunyň 28 ýyldan soň öýüne dolanmagyna şaýat boldy.
Karl Buşbiniň aýtmagyna görä, ol mundan beýläk täze taslamalaryň üstünde işlemegi, köpçüligiň öňünde çykyş etmegi we öz ýatlamalar kitabynyň dowamyny ýazmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem meşhur nemes kinorežissýory Werner Hersog syýahatçynyň dünýäni aýlanyp çykyşy barada dokumental film surata düşürýär.
Karl Buşbiniň 28 ýyl dowam eden bu syýahaty adam erjelliginiň, sabyrlylygyň we öňde goýlan maksada ýetmek ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň özboluşly nusgasyna öwrüldi.
