2026-njy ýylyň 09-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisiniň komissary, Ilçi J.Şimmiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň 2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabryna çenli Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň agzalan sergä gatnaşmagy, «Gatnaşmak hakynda Şertnama» gol çekilmegi, milli pawilýony taýýarlamak we sergä gatnaşmak bilen bagly guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-Ýapon işewürlik forumyny hem-de Türkmenistanyň milli medeniýetini we gazanan üstünliklerini tanyşdyrmak boýunça medeni çäreleri geçirmek meselelerine garaldy.
