Ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Derýanyň kenarynda guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylary milli lybasly gyzlar duz-çörek, pişme, miwedir ir-iýmişler bilen bezelen toý saçakly garşyladylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar Arkadag we Aşgabat şäherleriniň şäher gurluşygynda ýetilen sepgitleri, welaýatlar hem-de oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri görkezýän oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň, olary gaýtadan işlemekden alnan taýýar önümleriň sergisini synladylar.

Täze taryhy döwrümiziň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem oba hojalyk pudagynda uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Pileçi kärendeçiler 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gök, miwe we bakja önümleriniň, pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy.
