DÜNÝÄ

Türk hukuk däplerinden häzirki zaman adalat nyşanyna: Töreana

Türk dünýäsiniň dürli ýurtlaryndan hukukçylary we alymlary bir ýere jemlän II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresi 2026-njy ýylyň 3–4-nji noýabrynda geçirildi. Kongresde umumy hukuk medeniýeti, hukuk taýdan bitewileşmek we halkara hyzmatdaşlyk ýaly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kongresiň üns çeken çykyşlarynyň biri Türkiýäniň Munzur uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş ylymlary fakultetiniň mugallymy, dosent, doktor Sami Narter tarapyndan edildi.

Narter 3-nji noýabrda Ky­brys türk adwokatlar birleşiginiň başlygy, adwokat Hasan Esendağlynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen «Türk dünýäsinde bitewileşmek» atly mejlisde «Töräniň hökmürowanlygyndan hukuk döwletine — Türk adalat nyşany: TÖREANA» atly ylmy çykyşyny hödürledi.

Türk hukuk däpleriniň taryhy we nazary mirasyna esaslanyp döredilen Töreana türk hukuk medeniýetiniň özboluşly gymmatlyklaryny häzirki zaman nyşany arkaly şöhlelendirmegi maksat edinýär.

Zenan keşbinde şekillendirilen Töreananyň açyk gözleri oýlanyşykly baha bermegi, terezi adalaty we hak-hukuga laýyklygy, gök böriniň kellesi şekillendirilen töre hasasy bolsa garaşsyzlygy hem-de töräniň hökmürowanlygyny alamatlandyrýar.

Nyşanyň nazary esasyny düzýän «Kut’u Töre Tutar» — «Guty töre saklar» diýen ýörelge syýasy häkimiýetiň kanunylygynyň we dowamlylygynyň töre bilen baglanyşyklydygyny, hökümdar hem goşulmak bilen, her bir adamyň kadalaýyn tertibe tabyn bolmalydygyny aňladýar.

Töreana taryhy adalat hudaý zenany hökmünde däl-de, türk hukuk medeniýetiniň esasy düşünjelerine we ýörelgelerine daýanýan häzirki zaman nyşanynyň teklibi hökmünde işlenip düzüldi. Ol türk dünýäsinde umumy adalat nyşanyny döretmek pikirine esaslanýar.

Kongresde uly gyzyklanma bilen garşy alnan çykyşdan soňky pikir alyşmalarda türk hukuk medeniýetiniň umumy adalat nyşany arkaly şöhlelendirilmeginiň möhüm zerurlygy kanagatlandyryp biljekdigi barada garaýyşlar beýan edildi.

«Töreana» kitaby türk döwletlerinden gelen hukukçylara sowgat berildi

Dosent, doktor Sami Narter kongresiň çäklerinde türk döwletlerinden gelen hukukçylara türk hukuk medeniýetiniň taryhy esaslaryny we özüniň döreden adalat nyşanynyň nazary binýadyny açyp görkezýän «Türk adalat nyşany: Töreana» atly kitabyny sowgat berdi.

Kitap gowşurylanlaryň arasynda Türkmenistandan kongrese gatnaşan «Atavatan Media»-nyň baş redaktory, adwokat, doktor Döwran Orazgylyjow hem bar.

Kitabyň dürli türk döwletlerinden gelen hukukçylar bilen paýlaşylmagy Töreananyň türk dünýäsinde tanadylmagy we umumy hukuk medeniýeti boýunça ylmy pikir alyşmalaryň ösdürilmegi babatda ähmiýetli ädim boldy.

Töreananyň heýkeljigi we kitaby Ky­brys türk adwokatlar birleşiginiň başlygyna gowşuryldy

Kongresden soň dosent, doktor Sami Narter Ky­brys türk adwokatlar birleşiginiň başlygy, adwokat Hasan Esendağlynyň mähirli çakylygy boýunça Birleşige baryp gördi.

Saparyň dowamynda Narter özüniň döreden Töreana nyşanynyň heýkeljigini we «Türk adalat nyşany: Töreana» atly kitabyny Birleşigiň başlygy Esendağla sowgat berdi.

Bu sapar türk hukuk medeniýetiniň taryhy mirasyny häzirki zaman nyşany arkaly aýdyň görkezmegi maksat edinýän Töreana taslamasynyň hukuk hünär guramalary bilen tanyşdyrylmagy babatda ähmiýetli waka boldy.

Türk dünýäsinde umumy hukuk medeniýeti we ylmy hyzmatdaşlyk

Türk dünýäsiniň dürli ýurtlaryndan hukukçylaryň gatnaşmagynda geçirilen kongres umumy hukuk mirasyny öwrenmek, hukuk ulgamynyň häzirki meselelerine baha bermek we ýurtlaryň arasynda ylmy gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm duşuşyk meýdançasyny döretdi.

Related posts

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-niň wise başlyklygyna saýlandy

Türkmen-katar hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi