DÜNÝÄ

Eýranyň täze paýtagty: söwda üçin täze başlangyç bolar

Eýranyň hökümeti paýtagtyny demirgazykdaky Tährandan günorta kenarýakasyndaky Makran sebitine göçürmegi meýilleşdirýär. bu barada Hökümetiň metbugat sekretary Fatma Muhajerani “Iran International” neşiri bilen söhbetdeşlikde belläp geçdi.

Ol 9 milliondan gowrak ilaty bolan paýtagt Tähranyň ornuny almagy meýilleşdirilýän täze paýtagt Makranyň söwda hyzmatdaşlygy boýunça täze başlangyç boljakdygyny mälim etdi.

Paýtagtyň günortada sebitde ösüş getirjekdigini mälim eden Eýranyň wise-prezidenti Muhammed Reza Arif: “Deňze gönükdirilen ösüş strategiýasy esasynda Makranyň ösdürilmegi hökümetiň ileri tutýan ugurlaryndan biridir” -diýdi.

Mundan ozal, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem paýtagty göçürmek babatda çykyş edipdi.

 

Related posts

Halkara ýük gatnawlarynda ýygymlar

Ata Watan Eserleri

26000-den gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurlar