DÜNÝÄ

Tokio-2020 Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýyla geçirildi

24-nji martda Halkara Olimpiýa Komitetiniñ ýolbaşçysy Tomas Bah bilen Ýaponiýanyñ Premýer-ministri Sindze Abeniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Tokio-2020 oýunlarynyñ senesini yza süýşürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Sindzo Abe we Tomas Bah Olimpiýa oýunlaryny 2021-nji ýylyñ tomusdan gijä galman geçirmeli diýip karara geldiler. Munuñ sebäbi bolsa dünýäde ýüze çykan käbir meseleler bolup durýar. Şeýle hem bu sebäp bilen olimpiýa oýunlarynyñ saýlama tapgyrynyñ hem senesi süýşürildi.

Tomusky Olimpiýa oýunlaryny Tokio şäherinde 2021-nji ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda geçirmek meýilleşdirildi.

Related posts

Çiliniň täze Prezidenti belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-ÝHHG: geljek ýyl 68 taslama durmuşa geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi “Krokus Siti Holl” toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy