DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşigi bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda ÝB – Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan, duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilleri we «Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş» atly taslamanyň wekilleri ýewropa tarapyna wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň maksady, türkmen hyzmatdaşlaryny ÝB-Merkezi Aziýa kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasy, şeýle hem «Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş» atly esasy bölegi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, bilelikdäki dolandyryş we işewürlik ülňülerini berjaý etmek ýaly ugurlaryň bilelikdäki taslamalaryň möhüm bölekleridigini bellemek gerek. Duşuşyga gatnaşyjylar taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, maksatlary we wezipeleri barada pikir alyşdylar we çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy