SPORT

«Talyp sporty» topary basketbolda Türkmenistanyň çempiony boldy

Ýakynda erkekleriň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary birinji orny eýeläp, Türkmenistanyň çempiony boldy.

Degişlilikde ikinji, üçünji orunlary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşykçy» toparlary eýelediler.

Sport görnüşleri boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlary halkara bäsleşiklerine gatnaşjak toparlar üçin möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şeýle derejedäki ýaryşlar tejribe mekdebidir.

Related posts

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

“El-Klasiko”: “Real Madrid” 2:1 hasabynda ýeňdi

Transfer dünýäsinde: 3-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri