BIZNES

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Idzisu Satoşi bilen duşuşyk gurnaldy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky özara bähbitlilik, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ünsi çekdi.

Duşuşykda  2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek dünýä ähmiýetli “GREEN EXPO 2027” halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmaga ýurdumyzda uly taýýarlygyň görülýändigini bellenildi.   Taraplar Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  15-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, bu sergä biziň pawilýonymyzyň ýokary guramaçylyk derejesinde gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, özara   pikir alyşdylar.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Idzisu Satoşi «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary bilen guralýan bu halkara sergä dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň gatnaşmagynyň garaşylýandygyny belläp,  Türkmenistanyň Milli  pawilýonynynyň uly gyzyklanma döretjekdigine  ynam bildirýändigini nygtady. Türkmenistanyň çöl we gurak  howa şertlerinde ýaşyl oazisleri döretmegi dünýä bagbançylyk sungaty üçin täsin we öwrenilmäge mynasyp tejribedir.

Bu sergide milli pawilýonymyz  Türkmenistanyň ekologik diplomatiýasyny we maýa goýum mümkinçiliklerini Ýaponiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy işewürlerine tanyşdyrmak üçin uly meýdança bolar.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler