BIZNES

“Amazon” 100 müň işgär alýar

ABŞ-nyň “Amazon” onlaýn söwda kompaniýasy dünýäde bolup geçýän wakalar sebäpli nagt däl hasaplaşyk arkaly söwda amallarynyň ýokarlanandygyny göz öňünde tutup, ABŞ-da 100 müň işgär aljakdygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň ygtyýarly ýolbaşçylaryndan Dawe Klark bu barada beren beýanatynda elektron söwda arkaly önümlere bolan islegiň artmagy mynasybetli işgär zerurlygynyň ýüze çykandygyny belledi. Şonuň üçin kompaniýa ambarlaryna we harytlary paýlaýan merkezlerine doly ýa-da ýarym gün işlejek 100 müň işgär almagy meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, kompaniýa işgärleriň zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy hem göz öňünde tutýar. ABŞ-daky işgärleriniň zähmet hakynyň her sagadyna 2 dollar, Angliýadaky işgärine 2 sterling we Ýewropadaky işgärlerine bolsa takmynan 2 ýewro möçberinde artdyrar.

Related posts

Kazakistan Senato Başkanı, Türkmenistan Büyükelçisi’ni kabul etti

vepa

«Rysgal» bank «RysgalPay» töleg hyzmatyny işe girizdi

Salgyt beýannamalary:Online hyzmat

Ata Watan Eserleri