SPORT

Ýewropa çempionatynyň ykbaly

Italiýa “Euro-2020” futbol çempionatyny dünýäde häzir bolup geçýän wakalara laýyklykda, çempionatyñ senesini üýtgetmek üçin Ýewropanyň Futbol Federasiýasyna (UEFA) haýyş bilen ýüzlendi. Şol sanda Italiýanyñ Futbol Federasiýasynyñ ýolbaşçysy “Seriýa A” çempionatyny 30-njy iýunda tamamlamagy meýilleşdirýändigini belläp geçdi.

Italiýanyñ Futbol Federasiýasynyñ ýolbaşçysy: “Biz “Seriýa A” çempionatyny 30-njy iýunda tamamlamagy meýilleşdirýäris, şol günüñ dowamyna çenli tertipnama Ýewro kuboklarynyñ oýunlaryny ýerleşdirmeli” diýip nygtap geçýär.

Häzirki wagtda köp ýurduň futbol boýunça milli çempionatlary togtadyldy. “Euro-2020” futbol çempionatynyñ senesini geçirmek meselesine, ertirki UEFA-nyň mejlisinde serediler.

2020-nji ýylyñ Ýewropa çempionaty 12-nji iýun we 12-nji iýul aralygy geçirilmek meýilleşdirilýär we Italiýa döwletinde ençeme oýunlary geçirilmegine garaşylýar.

Related posts

Dünýä çempionatynyň unudylmaýan wakasy:  “Taňrynyň eli”

Ata Watan Eserleri

Şu gün Italiýanyň kubogynyň eýesi belli bolar

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi