DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Wenada Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi Hemra Amannazarow bilen ÝUNIDO-nyň Baş direktory Gerd Mülleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNIDO-nyň arasynda durnukly senagat ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we adam mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da “ýaşyl” senagaty ösdürmek, senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ilçisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşe we senagat toplumyny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasata ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, senagat ösüşi babatda milli başlangyçlary durmuşa geçirmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ÝUNIDO tarapyndan berilýän goldawyň ähmiýeti bellenildi.

ÝUNIDO-nyň Baş direktory guramanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem innowasiýalary, durnukly ösüşi we ykdysady abadançylygy ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaýda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär