SPORT

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň özbek goragçysy Abdukodir Husanow “Transfermarkt” portalynyň 3-nji iýunda çap eden täze bazar bahalandyrmalaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysy boldy.

Bu çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, özbek futbolçysynyň bahasy 50 million ýewro ýetdi. Soňky alty aýyň içinde onuň bazar bahasy 15 million ýewro ýokarlandy.

Husanowyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri “Mançester Siti” toparynda oýnap gelýändigi bellenilýär. Ol mundan ozal Fransiýanyň “Lens” toparynda çykyş edipdi we ol ýerden iňlis toparyna transfer boldy. Oýunçynyň “Mançester Siti” bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli göz öňünde tutulypdyr.

Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtinginde ikinji orny Germaniýanyň “Mainz 05” klubunda çykyş edýän ýaponiýaly oýunçy Kaishu Sano eýeleýär (bahasy 40 million ýewro).

Üçünji orunda bolsa Ispaniýanyň “Real Sosýedad” klubuna wekilçilik edýän we bahasy 30 million ýewro barabar bolan ýaponiýaly ýarym goragçy Takefusa Kubo ýerleşýär.

Bu täzelenen maglumatlar Ýewropa çempionatlarynda oýnaýan öňdebaryjy aziýaly futbolçylaryň bazar bahasynyň ýokarlanandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Enso Fernandes dünýä çempionatynyň finalynda gyzyl kart alan 6-njy futbolçy boldy

Rodri dünýä çempion, Çempionlar ligasyny we “Altyn topy” gazanan 11-nji futbolçy boldy

Mbappe 2 dünýä çempionatynda iň köp gol uran ilkinji futbolçy boldy

“Zenit” topary 10-njy gezek Russiýanyň Superkubogyny eýeledi

Angliýa dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Mbappe gollarynyň rekordy bilen çempionaty tamamlady