Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu waka mynasybetli Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda geçirilen dabaralara ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Orak möwsüminde galla orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler.
Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän “Arkadag”, “Serdar”, “Pyragy” ýaly täze görnüşleriniň ekilmegi Watan harmanynyň has-da beýgelmegini üpjün edýär.
Ahally edermen babadaýhanlary 195 müň gektarda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, gallanyň 400 müň tonnasyny belent harmana goşmagy meýilleşdirýärler. Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdanda bugdaý ýetişdirildi.
170 müň gektar ýere bugdaýyň sebitiň howa, toprak şertlerine uýgunlaşan, kesellere durnukly görnüşlerini eken Mary welaýatynyň hasyl ussatlary-da galla oragyna guramaçylykly girişdiler.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini nygtap, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
