JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Bütindünýä welosiped güni welosportuň giňden wagyz edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini-de görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.

Welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik