JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak we dürli duşuşyklary geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi.

Türk metbugatynyň berýän habaryn görä, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok we beýleki resmi adamlar garşylady.

Belent mertebeli türk myhmany Aşgabada gelenden soňra ilki bilen Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­e baryp gördi. Bu ýerde Jewdet Ýylmaz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mukaddes kitap bolan Gurhany metjidiň ymamyna sowgat berdi.

ürkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkiýe-Türkmenistan parlamentarara dostluk toparynyň başlygy we AK Partiýanyň Amasýa boýunça deputaty Haluk Ipek, Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Ahmet Berat Çonkar, Milli bilim ministriniň orunbasary Muhammet Bilal Majit, Senagat we tehnologiýa ministriniň orunbasary Çetin Ali Dönmez, Söwda ministriniň orunbasary Özgür Wolkan Agar hem-de Ulag we infrastruktura ministriniň orunbasary Durmuş Ünüwar bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMGÖM: täze resminamalara gol çekildi

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellendi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy