JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Ruduň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Ilçi milli Parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar