JEMGYÝET

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz: “Baý tebigy serişdeleri, ýaş ilaty we durnukly ösüş mümkinçilikleri bilen Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar” diýip belledi. Ol bu barada Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen  Türkiýäniň Işewürlik Geňeşiniň (DTİK) mejlisinde aýtdy.

Bu ýerde çykyş eden Ýylmaz Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy dilden, umumy taryhdan we umumy medeniýetden güýç alýan gatnaşyklarynyň, döwlet Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy saýasynda üstünlikli ösdürilýändigini belläp geçdi.

“Baý tebigy serişdeleri, ýaş ilaty we durnukly ösüş mümkinçilikleri bilen Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar” diýip çykyş eden Ýylmaz, Türkiýäniň hem bu mümkinçilikleri özara bähbide öwrüljek görnüşde peýdalanmak isleýändigini mälim etdi.

Ýylmaz Türkiýeden şu güne çenli Türkmenistana takmynan 300 million dollarlyk göni maýa goýumynyň amala aşyrylandygyny, gurluşyk pudagynda bolsa 56 milliard dollarlyk 1101 taslamanyň durmuşa geçirilendigini habar berdi.

Döwlet we hususy pudagyň şol bir maksada tarap ýöreýän, biri-birini doldurýan iki aýrylmaz bölekden ybaratdygyny belläp geçen Ýylmaz: “Hormatly Prezidentlerimiziň kesgitlän 5 milliard dollarlyk söwda dolanyşygy maksady bar. Geçen ýyl 2,2 milliard dollar derejesine ýetdik. Emma biziň maksadymyz iň gysga wagtda şu 5 milliard dollara ýetmek, ondan soň bolsa has uly maksatlara tarap ädim ätmegi dowam etdirmekdir” diýip belledi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Polina Gurýewany sylaglama dabarasyndan suratlar

Türkmenistanda smart telewizorlaryň önümçiligine girişiler

vepa