JEMGYÝET

Aşgabatda «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi-ýarmarkasy dokma senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezmäge, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge we täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Sergi-ýarmarkasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem-de ilçiler gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisinda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň dokma önümleri giň halkara jemgyýetçiligine görkezildi.

Sergi hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gutlag hatynda: “Türkmenistanyň ekologik taýdan arassa pagtasyndan öndürilýän dokma önümleri halkara bazarlarda ýokary hili, tebigylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen giňden ykrar edilýär. Häzirki wagtda türkmen dokma önümleri dünýäniň köp sanly döwletlerine üstünlikli eksport edilýär” diýlip bellenilýär.

Hawa, sergide hem bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Dokma senagatynyň düzüminde 69-dan gowrak dürli önümçilik kärhanalary bolup, olarda öndürilýän dokma önümleri Türkiýä, Russiýa, Hytaýa, Polşa, Gazagystana, Gyrgyzystana we dünýäniň beýleki döwletlerine eksport edilýär.

Sergi-ýarmarkasyna Türkmenistan döwletimiziň dokma kärhanalary we hususy pudagyň wekilleri bilen bir hatarad Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, dokma pudagynda ýurdumyzyň öňden gelýän esasy hyzmatdaş döwletleri bolan Türkiýäniň hem-de Italiýanyň köp sanly kompaniýalary gatnaşýar.

Dokma senagaty şu günki günde ýokary ösüş depginlerini görkezýän milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir. Ýurtda kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, eksporta gönükdirilen önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Baý medeni mirasyň we milli dokmaçylygyň asyrlyk däpleriniň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi

Türkmenistan bilen Türkiýe 71 maddalyk hereketleriň meýilnamasyny kabul etdi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri