Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Bu mejlisde türkmen tarapyna ürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, türk tarapyna bolsa Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz başlyklyk etdi.
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bu mejlis barada özüniň jemgyýetçilik tory arkaly şeýle habar berdi:
«Dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen bilelikde önümçilik, bilelikdäki maýa goýumlar hem-de üçünji ýurtlarda umumy taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, diňe ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejesinde gymmatlyk döredýän ykdysady hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli pugtalandyrýarys.

hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça alnyp baryljak işleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk.
Mejlisiň ahyrynda hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna hem-de söwdadan maýa goýumlara, energetikadan ulag ulgamyna, bilimden senagata çenli köp ugurlarda amala aşyryljak anyk çäreleri öz içine alýan 71 maddalyk Hereket Meýilnamasyny kabul etdik. Bu resminamalaryň ýurtlarymyz üçin bähbitli bolmagyny arzuw edýärin.
Ilki bilen hormatly jenap N.Atagulyýewe, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we ähli wekiliýet agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygymy bildirýärin.
