TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

«Türkmentelekom» kompaniýasy ýurtda sanly hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “TELECOMWIFI” simsiz ýokary tizlikli internet toruny ösdürmegi dowam etdirýär. Häzirki wagtda birikdiriş nokatlary Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda işleýär.

“TELECOMWIFI” ulgamy halkara howa menzillerinde, demir ýol wokzallarynda we awtomenzillerde, söwda-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde, myhmanhanalarda, şypahanalarda, internet-kafelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde hereket edýär. Paýtagtda giriş nokatlary Aşgabat halkara howa menzilinde, Olimpiýa şäherçesinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, poçta bölümlerinde we köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde ýerleşdirildi.

Welaýatlarda hyzmat, hususan-da, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Kerki we Mary halkara howa menzillerinde, şeýle hem “Arçman”, “Baýramaly”, “Mollagara” we «Nebitçi» şypahanalarynda elýeterlidir. Mundan başga-da, hyzmat myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde we ulag menzillerinde hem hödürlenýär.

TELECOMWIFI giriş nokatlarynyň doly sanawyny we hyzmat barada giňişleýin maglumatlary «Türkmentelekomyň» resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Related posts

Bir döwrüň soňy: “BlackBerry” 22 ýyldan soň enjamlaryna goldawy kesýär

“Volvo” elektrik awtoulag öndürijisi bolmak isleýär

“Xiaomi” 5 minutda 100% zarýad berer