BIZNES

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda  Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölüminiň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara serginiň  we maslahatyň işine işjeň  gatnaşdylar.  Myhmanlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşyp, çäräniň  guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.

Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde  ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň belarusly kärdeşleri bilen türkmen işewür toparlarynyň arasynda B2B görnüşinde  göni gepleşikler geçirildi.  Dostlukly ýurduň işewür wekiliýeti ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan täze kompaniýalarynyň ençemesiniň sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Gepleşiklerde türkmen tarapy bilen geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Esasan hem söwda we ykdysady, senagat we gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşyldy.  Şeýle-de taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Belarusyň işewür wekiliýeti türkmen tarapyna  görkezilen myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi