BIZNES

«Türkmennebit» Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Bütindünýä bankynyň wekilleri, şol sanda Robert Anton Bernard Wan Der Gest we Sandu Gidirim bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagyndaky bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we durmuşa geçirilişiniň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Esasy üns uglewodorodlaryň çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we energetika pudagyna maýa goýumlary giňeltmek meselelerine berildi.

Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Bütindünýä banky bilen köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesini belledi. Ol hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, olaryň Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine gönükdirilendigini nygtady.

Related posts

Merkezi Aziýa-Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň guraly döredilýär

Türkmenistanda 2024-nji ýylda geçiriljek sergiler

Bereketdäki kärhanada şu ýyl 2,7 million manatlyk ýod önümleri öndürildi

Ata Watan Eserleri