BIZNES

Birža söwdalarynda uçar kerosinine uly gyzyklanma

ТС-1 uçar kerosini şu hepdäniň sişenbe we çarşenbe güni geçen söwdalarda iň öňdäki orunda boldy. Eger 13-nji dekabrda onuň bir tonnasynyň bahasy $810,50 bolan bolsa, 14-nji dekabrda ol 5,3 % ýokarlandy we $853,75 barabar boldy.

Sişenbe güni uçar kerosinini Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Wirgin adalaryndan we Pakistandan gelen işewürler satyn aldylar. Şol gün geleşikleriň jemi bahasy $19,5 mln. boldy. Ertesi güni şol önümiň 6 müň tonnasyny Türkiýeden we Özbegistandan gelen telekeçiler $5,1 mln. satyn aldylar.

Şeýle hem çarşenbe güni nah ýüplük uly islege eýe boldy, onuň 264 müň kg Türkiýeden gelen işewür satyn aldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler ýanan nebit koksynyň 5 müň tonnasyny 70,5 mln manada we P4-D4 plastik astlyklaryň 16 müňüsini 8,8 mln türkmen manadyna satyn aldylar.

Related posts

“Benetton” markasynyň taryhy

Uluslararası Pamuk Fuarında 30 milyon dolarlık anlaşma imzalandı

vepa

“MULTIMODAL IPEK YOLU” TÜRKMENİSTAN’IN GİRİŞİMİYLE HAYATA GEÇİYOR

vepa

Leave a Comment