BIZNES

Halkara guramasy bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.  Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sanda amala aşyrylýan taslamalar we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukuplylygynyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna täsir edýän howplar we wehimler barada gürrüň edip, taraplar olaryň netijeli çözülmegi ugrundaky bilelikdäki çärelere seredip geçdiler we ykdysady integrasiýasynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär