BIZNES

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen  Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brukyň  arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şu ýylyň 4-6-njy iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň  guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Öňde boljak geçiriljek halkara sergi-ýarmarkasy türkmen  we italiýan kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

Türkmenistan we Italiýa dokma senagatynda hyzmatdaşlygyny barha işjeňlendirýär.  Duşuşykda taraplar Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda  Rimde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barada “Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr…» diýip aýdanlaryndan ugur alyp, özara pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli işewür gatnaşyklar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegini hem  ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem öňde boljak «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň netijeli geçjekdigine hem-de onuň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek dowam etdiriler