BIZNESSPORTTESWIRLER

«Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri artdyrylar

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri has-da artar. Sankt-Peterburg şäherindäki «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýeti Hazaryň türkmen kenaryndaky zawoda gurnama gämilerini ugratmagy meýilleşdirilýär.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiniň wekilleri bu barada ýakynda resmi Ylalaşyga gol çeker. Bu barada taraplaryň arasynda 13-nji awgustda geçirilen onlaýn maslahatda hem aýdyldy.

Gämi gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan maslahatda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki menzilleriniň arasynda täze logistika ugurlaryny açmak, şeýle hem iki ýurduň gämi abatlaýyş kärhanalarynyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy